SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublik...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salamlar ýetirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Sekretar...
TÜRKMENISTAN TERRORÇYLYKDAN AZAT BOLAN PARAHATÇLYGY GAZANMAK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ KODEKSINE GOL ÇEKDI
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞMAGY
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň do...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ÇÖLLEŞMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA KONWENSIÝASYNYŇ GATNAŞYJYLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ XIV SESSIÝASYNA GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde «Ýere maýa goýmak: açylýan mümkinçilikler» şygary astynda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň Maslahatynyň XIV sessiýasynyň çäklerinde Ministrler derejesindäki duşuşyk öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasynda Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modi we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina Mohammed oňa gatnaşyjylary mähirli gutladylar we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek...