RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we me...

DOWAMY
29 Iýun

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti...

DOWAMY
28 Iýun

Hazar sammiti: umumy geljegiň bähbidine netijeli Gatnaşyklar

Şu gün ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hy...

DOWAMY
23 Iýun

Türkmenistan ýer titreme heläkçiligine uçran Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-niň ýolb...

DOWAMY
15 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Höküme...

DOWAMY
11 Iýun

MOSKWADA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde horma...

DOWAMY
8 Iýun

Merkezi Aziýanyň we HHR-yň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...

DOWAMY