GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2-nji dekabrda Moskwada, Ýewraziýa Kongresiniň çäginde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň şu ýylyň iň soňky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar GDA-nyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar we birnäçe resminamalaryň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habarynda bu komitetiň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Mihail Myşkiniň ýygnanlara Erkin hysmat söwdasy baradaky şertnamanyň taslamasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döredilmegi, işi we maýa goýumlary barada maglumat berendigi aýdylýar. “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwürde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça iň ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada” aragatnaşyk pudagynda Sebitleýin arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş müdiri Nuriddin Muhitdinow çykyş etdi. Döwlet sekretary, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we sosial gorag ministriniň orunbasary Andreý Pudow “Durmuşyň hiliniň standartlary” meselesi boýunça çykyş etdi.

Mejlisiň çäginde ykdysady we durmuşy häsiýetli meseleleriň giň topary gol çekilmäge hödürlendi. Ykdysady Geňeşiň indiki duşuşygy 2022-nji ýylyň 18-nji martynda Moskwada Halkara söwda merkezinde geçer.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi (turkmenistan.gov.tm)