TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary ýurtlardaky Ilçileri we Konsullary bu çärä göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakyndaky taryhy çykyşynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.
Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynyň häzirki türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil nesliniň kemala getirilmegindäki derwaýyslygy nygtaldy. Jemgyýetçilik hem-de halkara başlangyçlarynyň ählisinde ynsanperwerligiň we diplomatiýanyň ýörelgelerini netijeli ulanmagy başaran türkmen halkynyň edermen pederleriniň ýeten belent sepgitleri mysal getirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidir, diýen sözlerinden ugur alyp, ýaş nesliň pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan taglymatlaryna esaslanýan halk pelsepesinden ugur almalydyklary aýratyn bellenildi.
Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan saýlanylyp alnan oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň netijeliligi beýan edilip, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň dabaralanmagyna itergi berýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur.
Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli sebit taslamalarynyň derwaýys häsiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goşýan saldamly goşandy hem aýratyn bellenilip geçildi.
Çykyşlaryň barşynda medeni diplomatiýanyň ilerledilmegi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hereketleriniň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygy beýan edildi. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň özboluşly desgalary hem-de gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.
Nobatdaky duşuşygyň jemini jemlemek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary ýurdumyzyň diplomatik gullugyna, professor-mugallymlara hem-de talyp ýaşlara birnäçe tekliplerini we tabşyryklaryny beýan etdi.