TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkyna peşgeş berlen Milli Liderimiziň bu kitabynyň garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstüliklerini, türkmen halkynyň döredijilikli kuwwatyny hemmetaraplaýyn beýan edýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Türkmenistan garaşsyzlygynyň şöhrat gazanan 30 ýylynyň içinde ösýän ykdysadyýeti we demokratiki ýörelgeleri bolan döwletleriň hataryna ynamly girmegi başardy. Dünýä medeniýetinde görnetin yz galdyran, taryhy ýoly ençeme müňlerçe ýyllara uzaýan türkmen halkynyň bu döwrüň içinde durmuş kadasy, ykbaly, ruhy dünýäsi düýpli özgerdi.

Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň taryhynyň möhüm sahypalary bilen tanyşmaga, 30 ýylda ýetilen sepgitlere baha bermäge mümkinçilik berýändigi barada nygtadylar.