«HINDISTAN - MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi.
Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.
Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen takyk teklipleriň ençemesi beýan edildi.
Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatynyň barşynda beýan edilen anyk teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň döredilmegi baradaky «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hindistanyň arasyndaky özara baglanşyklylygyň güýçlendirilmegine gönükdirilen ykdysady taslamalaryň derwaýyslygyna aýratyn üns berdi we olaryň arasynda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp geçdi.
«Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisiniň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi we ýokarda agzalan teklipler onda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat-gullugy.