SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler. Halkara syýasy giňiş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DEUTSCHE BANK AG» BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleleri...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işini tamamlady. Maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň ygtyýarlandyrylan wekilleri teswirnam...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...
BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasy...
ВИЗИТ ДЕЛЕГАЦИИ КОРОЛЕВСТВА БАХРЕЙН В ТУРКМЕНИСТАН
С 23 по 28 февраля 2019 года делегация компании “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) Королевства Бахрейн во главе с председателем совета директоров Ахмедом Аль-Шаряном пребывает в Туркменистане с рабочим визитом. В рамках визита были проведены встречи с представителями государственных концернов «Туркменгаз», «Туркменнебит», а также с руководителями ответственными за нефтегазовый и химический комплексы. В ходе встреч стороны отметили значение большого количества архитектурных прем...