SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE YSRAÝYL DÖWLETI AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň mesele...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň gi...
AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleş...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY
Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...
TÜRKMENISTANYŇ JIU-JITSU BOÝUNÇA ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ORNA MYNASYP BOLDY
2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlary...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublik...