SOŇKY HABARLAR
PAÝTAGTYMYZYŇ “SPORT” MYHMANHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda a...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky Milli hasabatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komiteti tarapyndan seredilmegi hakynda 2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halk...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KOREÝA-MERKEZI AZIÝA DOSTLUK ASSOSIASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ GÜNLERINIŇ” AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş un...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. / Türkme...
TÜRKMENISTAN – ABŞ: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ÝAGTY GELJEGI
Amerikanyň Birleşen ştatlarynda iş saparynda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkuň “Mandarin Oriental” myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy. Döwlet baştutanymyzyň iki ýurduň işewür adamlary bilen duşuşmagy söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin we bilelikdäki tagallalary birleşdirip täze gatnaşyk ugurlaryny açmak üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Bu duşuşygyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem “Türkmenistan - ABŞ” Işewü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen gepleşikler geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady....