SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleş...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY
Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...
TÜRKMENISTANYŇ JIU-JITSU BOÝUNÇA ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ORNA MYNASYP BOLDY
2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlary...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublik...
RUMYNIÝADA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN SERGI WE TANYŞDYRLYŞ DABARASY GEÇIRILÝÄR
Rumyniýanyň Transilwaniýa regionynyň Oraştiýe diýen ýerinde şu günler “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyry geçirilýär. Türkmenistanyň Rumyniýa gelen wekiliýetiniň Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasy bilen ylalaşygyna laýyklykda ýokarda agzalan tapgyryň çäklerine «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini wasp etmek boýunça birnäçe çäreler geçirýär. Şeýle tematiki çäreleriň hataryna «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlana...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — tele we radioýaýlymlaryň, gazetleriň, žurnallaryň, Internet-neşirleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugally...