SOŇKY HABARLAR
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...
RUSSIÝADA «AMUL — HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda - Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy. Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul - Hazar 2018” r...
ADSM-4 MAKSATNAMASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA SEBIT IŞÇI TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-17-nji maýynda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamas...
TBILISIDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maslahaty geçirdi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we alymlary, daşary ýurtlaryň Gruziýada işleýän diplomatlary, Tbilisi şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugalymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ KIÝEWDÄKI ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLAP ÇÄRE GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Milli «Ostrož akademiýasy» Uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça guramanyň Baş direktory P.Kriwonos we «OUTLOOK» halkara taslamasynyň Baş direktory D.Korýakina gatnaşdylar. Ostrož akademiýasynyň taryhy 1576-njy ýyldan başlaýar. Häzirki wagtda akademiýa halkara gatnaşyklary, ykdysadyý...
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY: AZIÝADAN ANADOLA ÇENLI” ATLY YLMY MASLAHAT WE FOTOSURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kap...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýan Bori bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we pa...