SOŇKY HABARLAR
DAŞKENTDE TÜRKMEN-ÖZBEK IEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşkent şäheriniň “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenl...
TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRDI
Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherindäki Diplomatik şäherçesiniň sport toplumynyň futbol meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, Er-Riýad şäherinde ýaşaýan türkmen k...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanda her ýylyň 5-nji apreli we 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlap Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň paýtagtynda ýerleşýän köpmaksatly sport toplumynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, tennis, badminton we beýleki görnüşleri boýunça çäreleri geçirdi. Bu ýaryşlara Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçile...
MINSK ŞÄHERINDE “BIZI BIRLEŞDIRÝÄN AÝDYMLAR” ATLY DUETLERIŇ XI HALKARA AÝDYM BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Minsk traktor zawodynyň Medeniýet köşgünde “Bizi birleşdirýän aýdymlar” ady bilen duetleriň XI halkara aýdym bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige jemi 12 ýurtdan (Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Latwiýa Respublikasyndan, Litwa Respublikasyndan, Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Tajigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Ukrainadan) wokal duetler gatnaşdylar. Türkmen...
ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ARASYNDA FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
Ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Aksaraý, Kyrşehir we Uşak şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi. Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda 2018-nji ýylyň...
TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝADAKY KONSULLYGY TARAPYNDAN (MAÝN BOÝUNDAKY FRANKFURT ŞÄHERI) SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň bir aýlygyna bagyşlap sport çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kiçi futbol, stolda oýnalýan tennis we şaşka boýunça ýaryşlar gurnaldy. Oňa diplomatik korpusyň, halkara banklaryň, kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynda bilim alýan türk...
BELARUS DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ YLMY IŞLERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-nji aprelinde Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen derman ösümliklerine we şypahanalaryň tebigy baýlyklaryna bagyşlanan ylmy işleriň netijeleri boýunça maslahat geçirildi. Geçirilen maslahata Türkmenistandan gelen wekiliýetiň agzalary, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary şeýle hem Türkmenistanyň Belar...