SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA DIPLOMATLARYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäreleriň biraýlygynyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnamak indi däp boldy. Bu ýyl onlarça toparlar we wekiller sportuň stolda oýnalýan tennis, küşt, woleýbol we kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Stolda oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň...
HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERI ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzm...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR
Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...
KIÝEWDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp her ýyl Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleriniň çäginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Kiýew şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşa Kiýewiň ona golaý ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryşlaryň öň ýanynda ýaňy-ýakynda Kiýew şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijile...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...
DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...