SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: MEDENI MIRAS ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli önümleri özünde jemledi. Pagta süýü...
GYRGYZYSTANDA “TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KUBOGY ALMAK UGRUNDA KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda llçihana tarapyndan Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň hem-de Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň futbol toparlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlanan kiçi futbol boýunça “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy almak ugrunda ýaryş gurnaldy. Bu ýaryş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak maksady bien Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýat...
TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY TANYŞDYRYLYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Koreýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çäräniň maksady – türkmen halkynyň ruhy mirayny wagyz etmek bolup durýar. Çärä bu ýokary okuw mekdebiniň GDA ýurtlary kafedrasynyň mugallymlary we magistrantlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynyň gatnaşyjylara görkezen wideo görnüşler koreýaly alymlary Türkmenistanyň gad...
TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDE TÄZE HALKARA DEŇIZ PORTY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda täze Halkara deňiz porty açyldy. Portuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan dabaraly çärä halkara guramalarynyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar....
TÄZE TÜRKMENBAŞY DEŇIZ PORTY ABRAÝLY SYLAGLARA MYNASYP BOLDY
“Awaza” Kongressler merkezinde geçirilen Halkara ulag maslahatynyň dowamynda dürli guramalaryň bilermenleri tarapyndan Türkmenbaşy täze deňiz portuna mynasyp sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny gurmak başlangyjyny öňe sürenligi üçin aýratyn sylaglara mynasyp boldy. Bu sylaglaryň üsti bilen “Ýüpek ýoly” Halkara söwda edarasy we Aziýa-Ýuwaş Umman sebiti ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň konfederas...
AWAZADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK MINISTRLERINIŇ IX MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we sebi...