RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Mar

DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...

DOWAMY
pic
1 Mar

ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyn...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY BRIFING GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystandaky  Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlag merkeziniň wekilleri, Barlaglar we halkara bilim merkeziniň, Er-Riýad şäherinde akkreditirlenen dip...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýe.Astrahansewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki işjeň syýa...

DOWAMY
pic
28 Few

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞINIŇ 37-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE ŽENEWA ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI PARALLEL ÇÄRESI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi. Bu çä...

DOWAMY
pic
27 Few

“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we d...

DOWAMY
pic
27 Few

LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...

DOWAMY