SOŇKY HABARLAR
YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PAÝTAGTY ANKARA ŞÄHERINDE SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda taslamasy işlenip taýýarlanylan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nj...
«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
AŞGABATDA ULAG, LOGISTIKA WE INFRASTRUKTURA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Tür...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýol...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY KIÝEWDE KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA TALYPLARYŇ ARASYNDA ÝARYŞ GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnaldy. Ýygyndy toparlaryň arasynda ýaryşlar Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň sport meýdançalarynda geçirildi. Ýaryşa Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, M.P.Dragomanow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew...