RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Okt

PANAMA HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNA GOL ÇEKDI

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Panamanyň Belgiýa Patyşalygyndaky, Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky we Panamanyň Ýewropa Bileleşiginiň Missiýasyndaky Ilçisi Onuň Alyhezreti Dario Ernesto Çiru Oçoa Sekretariatda Baş Sekretar Urban Rusnagyň we Energetika Hartiýasyna ýolbaşçylyk edýän ýurda wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisiniň gatnaşmagynda  Halkara Energetika Hartiýasynyň 2015-nji ýyldaky Düzgünnamasyna  gol çekdi.                          Halkar...

DOWAMY
30 Okt

AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝEWROPANYŇ INTEGRASIÝA WE DAŞARY IŞLER FEDERAL MINISTRLIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE SYÝASY MESELELER BOÝUNÇA BAŞ DIREKTORY, MINISTRIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropanyň integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň daşary işler we syýasy meseleler boýunça Baş direktory, ministriň orunbasary Aleksandr Marşik bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerini we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähtden taraplar ýo...

DOWAMY
30 Okt

ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Ignasio Ibanýes bilen duşuşyk geçirildi.   Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky ynamly gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Olary geljekde işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki işe taýynlyg...

DOWAMY
30 Okt

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen bedewlerimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda şowhunly çäreleriň biri bolan at çapyşyklary geçirildi.  Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary döwletl...

DOWAMY
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.  Ir bilen bu ýere şäher ilatynyň müňlerçesi we köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Güýz şemalyna pasyrdaşýan ý...

DOWAMY
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Säher bilen ýurdumyzyň baş meýdançasyna müňlerçe aşgabatlylar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen ýüzlerçe myhmanlar ýygnandylar. Merkezi münberde ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, türkmenistanlylar bilen baş baýramyň şatlygyny paýlaşmaga gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar. Şeýle hem ýüzlerçe tomaşaçylaryň...

DOWAMY
26 Okt

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALAR

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...

DOWAMY