RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Noý

Türkmenistan Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli demir ýol şahasynyň durkuny täzelär

Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar.  Türkmenistanyň we Owganystanyň ykdysady, taryhy we...

DOWAMY
pic
23 Noý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.  Türkmen...

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYNYŇ IŇLIS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ NÝU-DELI ŞÄHERINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň dowamy bolan Türkmenistanyň häzirki zaman ulag-üstaşyr ýollarynyň ornuna bagyşlanan adybir seminar geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna we seminara paýtagtda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň alymlary we mugallymlary, şol sanda «Nusgawy T...

DOWAMY
pic
19 Noý

EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.  Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.  Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...

DOWAMY
pic
18 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37 döwletd...

DOWAMY
pic
17 Noý

Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.  Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höwesle...

DOWAMY
pic
14 Noý

Press-reliz

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişme memorandumyna gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekillik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle hem Aral d...

DOWAMY