SOŇKY HABARLAR
HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA GEŇEŞMELERI
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...
TÜRKMENISTANYŇ MAROKKO PATYŞALYGYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Baş sekretary Mohammed Ali Lazraga Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...
RUSSIÝADA «AMUL — HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda - Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy. Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul - Hazar 2018” r...
ADSM-4 MAKSATNAMASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA SEBIT IŞÇI TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-17-nji maýynda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamas...
TBILISIDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maslahaty geçirdi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we alymlary, daşary ýurtlaryň Gruziýada işleýän diplomatlary, Tbilisi şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugalymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar....