SOŇKY HABARLAR
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...
DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA
2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gör...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu guramanyň ýurtlarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki döwle...
ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK BAŞLANDY
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk M...
«ÝURDUMYZY 2022-NJI ÝYLDA DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY» TASSYKLANYLDY
?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli seb...