SOŇKY HABARLAR
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuperiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dauti hem gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy, sebit gün tertibi hem-de halkara ähmiýetli häzirki meseleler ara alnyp masla...
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan saparynyň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň arh...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa formatynda ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetda...
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow London gazna biržasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hogget hem-de Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) Ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde ählumumy maýa goýum akymlarynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem britan hyzmatdaşlary bilen ama...
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşygy hakynda
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň Parlamentara Bileleşiginiň (PAB) Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 16-njy sammitini kabul ediji tarap hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Bileleşigiň ýolbaşçylygyna iberen hatlaryny resmi ýagdaýda gowşurdy. Bu forumyň geçi...
Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarowyň we Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Türkmenistanda Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. 2026-njy ýylyň «...
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäre
2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Öz çykyşynda Ilçi Ş.Geldynazarow 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýy...