SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmen...
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
DUBAÝDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ ROUD-ŞOUSYNYŇ JEMLERI JEMLENILDI
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanydyr» atly tegelek-stoly we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň hukuk hem-de salgyt şertleri boýunça seminar guraldy. Günüň ahyrynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen deslapky ýagdaýda ylalaşylan duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy»...
DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň G...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY
2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy. Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pr...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň dipl...