img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝURDUMYZDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
22 Apr

DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...

DOWAMY
pic
17 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi. Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň  ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR»,  «...

DOWAMY
pic
16 Apr

ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.  Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...

DOWAMY
pic
8 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...

DOWAMY
pic
19 Mar

TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR

Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.

DOWAMY
pic
14 Mar

TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR

2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...

DOWAMY