SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Şol günüň özünde Milan şäheriniň «Rosa Grand Milano» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Italiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty öz işine başlady. Çäräniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar energetika, nebit-gaz pudagy, telekommunikasiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňelt...
TÜRKMENISTAN “SUW SERIŞDELERINI TYGŞYTLY PEÝDALANMAK – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ESASY” ATLY HALKARA MASLAHATYNY GEÇIRÝÄR
2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bil...
AŞGABATDA HALKARA KITAP SERGI-ÝARMARKASY WE YLMY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärm...
TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI BÜTINDÜNÝÄ SUW GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...