img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär.  Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler.

DOWAMY
pic
21 Noý

ÇAGANYŇ HUHUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi. Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalar...

DOWAMY
pic
14 Noý

GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ WEKILLERI TERRORÇYLYGA GARŞY HYZMATDAŞLYK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi.     Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Gatna...

DOWAMY
pic
13 Noý

AŞGABATDA HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGÄNI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGYŇ IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.    Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnan...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ 40-NJY MEJLISINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.       Baş Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy. Baş Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagyn...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 8-9-njy noýabrynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini we 2025-nji ýyla çenli YHG-nyň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça edilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de YHG-nyň çäklerinde we onuň daşynda...

DOWAMY
pic
8 Noý

RIMDE ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.     Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady. 7-nji noýabrda i...

DOWAMY