SOŇKY HABARLAR
ARGENTINANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Argentinanyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Moskwa ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorio bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Argentina bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Argentinanyň Ilçisi...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde - Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýla...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNÜNE BAGYŞLANAN WELOTREK ÝARYŞYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň olimpik sport merkezinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welotrek ýaryşyny geçirdi. Agzalan welotrek ýaryşyna, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatlary, Gruziýanyň welosiped ýaryşy boýunça tanymal türgenleri, tälimçileri, kiçi ýaşly welosipedçiler we Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Welotrek çär...
STOKGOLMDE TÜRKMEN-ŞWED SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. 30-njy maýda wekilieýt Stokgolmyň parahatçylyk meselelerini öwrenýän institutynyň (SIPRI) direktory jenap Den Smit bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bu institut bilen Türkmenistanyň degişli guramalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy. 31-nji maýda Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyry geçirildi. Şw...
TÜRKMENISTAN BILEN GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatna...
TÜRKMENISTAN WE PORTUGALIÝA HYZMADAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Portugaliýanyň DIM-niň Ýörite wekili, Portugaliýanyň Türkiýe Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Paula Leal da Silwa bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaş...
DEGIŞLI DOLANDYRYŞ WE YKDYSADY ÖZARA BAGLANYŞYK - ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITL MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň, y...