SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndan bäri ýola goýulan, Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hataryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji...
BÜTINDÜNÝA SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ŽENEWADAKY ŞTAB-KWARTIRASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞIŇ 144-NJI MEJLISINIŇ ÇARÇUWASYNDA MAGLUMAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň ag...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bell...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...
BELARUS RESPUBLIKASYNDA OKAÝAN TÜRKMEN TALYPLARY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Minsk şäheriniň döwlet Lingwistiki uniwersitetinde Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogiki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşygyň işine 2019-njy ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda Belarus Respublikasynda iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasaryndan we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktoryndan d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky Permany bilen, Şalar GeldinazarowTürkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndak...