SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...
TÄHRAN ŞÄHERINDE TÜRKMEN-EÝRAN SYÝASY GEŇEŞMELERI WE KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekilip bu ugurdaky meseleleriň giň toplumy boýunça...
RUMYNIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY AŞGABATDA BRIFING GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YHDGM-NIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçiril...
DAŞKENTDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE SUW SERIŞDELERI BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI–MERKEZI AZIÝA 6-NJY ÝOKARY DEREJELI MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw gorlary ulgamynda alnyp barylýan syýasata jogapkär ministrleriň orunbasarlary, diplomatlar we hünärmenler gatnaşdylar. Agzalan Forumda türkmen wekiliýetine Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary ýolbaşylyk etdi. Maslahata gatnaşyjylar daş...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýet...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE FRANSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy hanym Florans Manžen ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň başynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştu...