SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GH WE GÝJHF-NYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...
TÜRKMENISTANLY TÜRGENLERIŇ “AZIÝANYŇ ÇAGALARY” ATLY BIRINJI GYŞKY HALKARA SPORT OÝUNLARA GATNAŞMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Sahalin oblastynyň merkezi bolan Ýužno-Sahalinsk şäherinde “Aziýanyň çagalary” atly birinji gyşky halkara sport oýunlary açyldy. Oňa 20 ýurtdan 28 topar gatnaşýar. Bu oýunlara gatnaşyjylar sportuň 8 görnüşi boýunça, ýagny biatlon, lyžhaly bäsleşmek, figuralaýyn typmak, snoubord, dag lyžha sporty, hokkeý, konkili typmak (şort-trek) we lyžhaly tramplinden bökmek ýaly görnüşler boýunça ýaryşýarlar. Gatnaşyjylaryň ýaşy 16-dan uly bolmaly däl....
DÖM ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEÝLETIN MILLI SYNYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇDIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi....
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDIP GEÇDILER
2019-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...