Türkmenistanyň raýatlygy
Türkmenistanyň raýatlygy Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň möhüm alamaty bolup, ol adamyň döwlete degişlidigini hem-de döwlet bilen adamyň arasyndaky durnukly häsiýetdäki hukuk gatnaşygyny, olaryň özara hukuklary bilen borçlarynyň bütin jemini kesgitleýär.
“Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda raýatlygy edinen adamlar Türmenistanyň raýatlary hasaplanýar.
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminama hasaplanýar.
16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň raýatlygy olaryň dogluş şahadatnamalary bilen ýa-da Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ene-atasynyň biriniň pasporty bilen tassyklanýar.
Türkmenistanyň raýatlygynyň beýleki bir döwletiň çäginde ýaşamagy Türkmenistanyň raýatlygynyň ýatyrylmagyna eltmeýär.
Raýatlygy edinmek üçin esaslar, Türkmenistanyň raýatlygy:
Adamyň eneden dogan pursatyndan başlap;
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi netijesinde edinil
"Türkmenistanyň raýatlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan başga esaslar boýunça.
Ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çagalaryň raýatlygy
Çaganyň dogan pursatyna çenli çaganyň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa, onda şol çaga aşakdaky halatlarda Türkmenistanyň raýaty diýlip hasap edilýär:
1. eger çaga Türkmenistanyň çäginde doglan bolsa;
2. eger ol Türkmenistanyň çäklerinden daşarda doglan bolsa, emma ene-atasynyň ýa-da olaryň biriniň şol wagt Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bolan bolsa.
Ene-atasy dürli raýatlykda bolup, olardan biri çaganyň doglan pursatyna çenli Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa hemem şol wagt çaganyň ene-atasynyň ikisiniň hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan bolsa, onda çaganyň raýatlygy onuň ene-atasynyň ýazmaça görnüşde beýan eden ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.
Çaganyň dogan pursatyna çenli onuň ene-atasynyň biri Türkmenistanyň raýatlygynda duran bolsa, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam bolan bolsa ýa-da ene-atasy näbelli bolsa, onda şeýle çaga nirede dogan hem bolsa Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.
Çaganyň atalygy (kakasy) bellenen mahalynda çaganyň ejesi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, Türkmenistanyň raýaty hem şonuň kakasy diýlip ykrar edilýän bolsa, onda 14 ýaşyna ýetmedik çaga haýsy ýerde doganam bolsa, Türkmenistanyň raýaty bolup galýar. Şol çaga Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan mahalynda, onuň raýatlygy ene-atasynyň ýazmaça beren arzasy boýunça kesgitlenilýär.
Raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalarynyň Türkmenistanyň raýatlygyny edinmegi
Raýatlygy bolmadyk, ýöne Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan adamlaryň Türkmenistanyň çäginde dogan çagasy Türkmenistanyň raýaty diýlip hasaplanýar.
Ene-atasy näbelli çagalaryň raýatlygy
Ene-atasynyň ikisi hem näbelli bolup, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaga Türkmenistanda doglan we onuň raýaty diýlip hasaplanýar. Bu çaganyň ene-atasyndan biri, hossary ýa-da howandary ýüze çykan mahalynda onuň raýatlygy şu Kanuna laýyklykda üýtgäp biler.
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň şertleri
Adam şu aşakdaky halatlarda öz haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner. Eger ol:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmegi hem hormatlamagy özüne borçe dinse;
2) Türkmenistanyň döwlet dilini gep alyşmagyň çäklerinde bilýän bolsa;
3) soňky 7 ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bar bolsa;
4) Türkmenistanyň çäginde gün-güzeran görmeginiň kanuny çeşmesi bar bolsa.
Türkmenistanyň raýatlygy aşakdaky ýagdaýlarda ýatyrylýar:
1. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykylmagy sebäpli;
2. Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi sebäpli.
3. “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunda göz öňünde tutulan beýleki esaslara görä.
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak işi “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunda bellenen tertipde adamyň eden haýyşy boýunça amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň raýatlygy aşakdaky halatlarda ýitirilýär:
1. adamyň başga döwletde harby gulluga, howpsuzlyk gullugyna, polisiýa, adalat edaralaryna ýa-da beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna ýerleşmegi netijesinde, ýöne Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;
2. eger Türkmenistanyň raýatlygy göz-görtele ýalan maglumalaryň ýa-da galp resminamalaryň görkezilmegi netijesinde edinilen bolsa;
3. Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan esaslara görä.
Türkmenistanyň Prezidenti
Türkmenistanyň raýatlygy baradaky meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti çözgüt kabul edýär. Türkmenistanyň Prezidenti raýatlyk meseleleri boýunça aşakdaky çözgütleri kabul edýär:
1. beýleki döwletleriň Türkmenistanyň çäginde hem-de onuň çäklerinden daşarda ýaşaýan raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda;
2. Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek hakynda;
3. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarmak hakynda;
4. raýatlyga kabul etmek we dikeltmek hakyndaky haýyşlary kanagatlandyrmazlyk hakynda;
5. “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunda 23-nji maddasynyň 2-nji we 3-nji bentleri esasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilýändigi hakynda.