Ýurt daşyndaky Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik maglumatly pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagy bilen bagly

Hormatly raýatlar!

Häzirki wagtda Internet torunda (sosial mediýada) ýurt daşynda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň geljek ýyllar üçin hem uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna ünsüňizi çekýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Tertibi» hakyndaky Buýrugy esasynda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhletiniň diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygy barada gaýtadan ýatladýarys!

Şeýle hem, ýokarda agzalanlardan ugur alyp, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýan ýagdaýynda, raýatlara biometrik maglumatly pasportlaryny Türkmenistanda täzelemekleriniň zerurdygyny mälim edýäris.

Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlary ýitirilen, ogurlanan, möhleti geçen ýa-da ulanyşa ýaramly bolmadyk halatynda (çip döwülen), şeýle-de daşary ýurtlarda Turkmenistanyň raýatlaryndan dünýä inen çagalara diňe öz döwletine dolanyp barmak maksady bilen «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň» resmileşdirilýändigini habar berýäris.

President of Turkmenistan <br> Serdar Berdimuhamedov

President of Turkmenistan
Serdar Berdimuhamedov:

"Turkmenistan will continue the policy of neutrality based on good neighborliness, mutual respect, equality and mutually beneficial cooperation with all the countries of the world. The basic principles arising from the legal status of neutrality of our state, namely, the strengthening global peace and security, the broadening of friendly and fraternal relations based on goodwill, and sustainable development on the planet, will continue to be the priority directions of the foreign policy of independent Turkmenistan."