SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýylky birinji sany çapdan çykdy. Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen onuň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda geçiren, şeýle-de Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň biziň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçiren ýoka...
WENGRIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) jenap Peter Sante bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýola goýlan göni ga...
AŞGABATDA MHM-NIŇ «MIGRASIÝA BOÝUNÇA AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN MASKATNAMASY» TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE OKUW MASLAHATY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň «Migrasiýa boýunça Aziýanyň sebitleýin maskatnamasy» taslamasynyň çäklerinde «Çökgünlik şertlerinde daşary ýurtlarda raýatlaryňy goramak» temasy boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň migrasiýa gulluklarynyň, daşary işler, içeri işler we goranmak ministrlikleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar. Maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE OMAN SOLTANLYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Oman Soltanlygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýý...
TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...