img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

“Ak öý” binalary welaýat merkezlerinde gurlar

photo

Türkmenlerde däp bolan ak öýleri özboluşly gaýtalaýan “Ak öý” binalary Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde gurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna jogakär bellenilen wise-premýerlere, welaýat häkimlerine bu barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat welaýat merkezlerinde “Ak öý” binalarynyň gurluşygyna girişmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz olaryň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişmegi tabşyrdy hem-de “Ak öýlerde” jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülik çärelerini iň ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.

Mary welaýatynda şeýle bina 2015-nji ýylda guruldy, Ahal welaýatyndaky “Ak öýde” bolsa ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty geçirildi. /Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi/