SOŇKY HABARLAR
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...
TOKIODA GARAŞSYZLYGYŇ 27 ÝYLLYGY HEM-DE “AMUL - HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLAMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Yaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Maslahatyň barşynda Ilçihananyň işgärleri häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli adamzat bähbitli başlangy...
TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...
TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...
Çarwadarlaryň oýunlarynda ýigrimi üçünji medal
Şu gün Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda aba göreşi boýunça ýaryşlar geçirildi, onda türkmen türgenleri nobatdaky kümüş medala mynasyp boldular. Bu gezek 80 kilograma çenli agram derejede çykyş eden ildeşimiz Işanmyrat Ataýew tapawutlandy. Sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşiklere 18 ýurtdan kyrkdan gowrak türgen gatnaşdy. Biziň türgenimiz bäsdeşlerinden yzly-yzyna üstün çykyp, finala ýetdi. Emma finalda türkmenistanly türgene ýeňmek başartmady. Şunda biziň ildeşimiziň has ýokary orny eý...
AŞGABATDA MASYH AGZA ÝURTLARYNYŇ ÝÜK DAŞAÝJYLARYNYŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ FEDERASIÝASYNYŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä...