SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ V SAMMITINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy. Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aktau şäheriniň halkara howa menzilindeTürkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz howa menzilinden Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilýän ýe...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDAKY ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HATLARY ALYŞMAKLYK GURNALDY
2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy. Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarap...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDA ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HAT ALYŞMAKLYK GURNALDY
2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşdylar. Şertnamany alyşmak barada degişli Teswirnama iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi. Ýokarda agzalan şertnama iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan strategik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW IŞ SAPARY BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA BARDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine geldi. Bu Sammitde döwlet Baştutanlary Hazar kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, aýratyn hem söwda-ykdysady, ekologiýa, tebigy serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika we şol sanda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleleri a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş sapary bilen gitmekligi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ BAŞ SEKRETARY ADEM KULA BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda YHG-SSE-ň ýolbaşçysy türkmen tarapyna myhmansöýer garşylamalaryna minnetdarlygyny aýtdy we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatar...