img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Apr

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar. Parlamentara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda BMG-ä agza döwletleriň, şol sanda Merkezi Az...

DOWAMY
pic
1 Apr

Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary hanym T.Ioseliani, «Gruziýanyň demir ýollary» PJ-niň, Gruziýanyň deňiz ulaglary administrasiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belläp, ulag we log...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy. N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetird...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleriniň hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa ge...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledile...

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy, daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şer...

DOWAMY