SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen bu ýere şäher ilatynyň müňlerçesi we köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Güýz şemalyna pasyrdaşýan ý...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Säher bilen ýurdumyzyň baş meýdançasyna müňlerçe aşgabatlylar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen ýüzlerçe myhmanlar ýygnandylar. Merkezi münberde ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, türkmenistanlylar bilen baş baýramyň şatlygyny paýlaşmaga gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar. Şeýle hem ýüzlerçe tomaşaçylaryň...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALAR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
BUHARESTDA TÜRKMEN-RUMYN IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 16-18-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara guramalar departamentiniň we Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygyndan düzülen wekiliýet Buharestde saparda boldy. Saparyň çäklerinde, 16-njy oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, 17-nji oktýabrda bolsa degişli bölümleriň başlyklarynyň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýu...
Bereket menzilindе täze lokomotiw deposy işe girizildi
Bereket demir ýol menzilinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, demir ýol pudagynyň, zähmet toparlarynyň, jemgyýeçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm menzilleriniň birinde lokomotiw deposynyň döredilmegi teplowozlara tehni...
Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzda iki gatly kottežleriň hem-de üç we dört...
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi. Bu taslamanyň durmuş...