RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi...

DOWAMY
pic
4 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidentiniň...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ba...

DOWAMY
pic
24 Ýan

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ÝB-niň taslamalarynyň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy 2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji g...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýra...

DOWAMY
pic
18 Ýan

BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...

DOWAMY