SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR
2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...
TÜRKMENISTAN ÝHHG BILEN ENERGIÝA HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ULAG ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGY BERKITMEGI TEKLIP EDÝÄR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä b...
TÜRKMENISTAN JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY WE JENAÝAT ADALATLYLYGY BOÝUNÇA BMG-NIŇ 14-NJI KONGRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen jenaýatçylygyň öňünden duýdurylmagy we jenaýat adalatlygy boýunça BMG-niň 14-nji Kongresine gatnaşdy. Çärä 150-den gowrak agza-döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ýustisiýa ministri Ýoko Kamikawa 14-nji Kongresiň Başlyklygyna saýlandy. Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Premýer-m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ BAŞARJAŇ TÜRGENINE BAÝRAKLARY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...
YHG-NA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN YKDYSADY UGURLARYŇ DÖREDILMEGI UGRUNDAKY HEREKETLERI IŞJEŇLEŞDIRMÄGE MEÝILLIDIR
2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-niň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de onuň geljekde has hem ösdürilmegi babatyndaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Ol geljekde şu guramanyň ýurtlarynyň a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr. “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...
BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA ÝOLLAN ÝÜZLENMESI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...