img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Okt

PARTICIPATION OF TURKMENISTAN IN THE MEETING OF THE COUNCIL OF CIS HEADS OF GOVERNMENT

On October 28, 2022, in Astana, the Turkmen delegation headed by the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers of Turkmenistan Hodjamyrat Geldimyradov took part in the meeting of the Council of Heads of Government of the CIS. During the meetings in narrow and extended formats, the heads of government exchanged views on topical issues of economic cooperation in the Commonwealth of Independent States, discussed the preparation of a draft Agreement on free trade in services, establishment, act...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk türk halkyna ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet B...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine sapary boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Ba...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär....

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda en...

DOWAMY