SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR
Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEGIŇ DERWAÝYSLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
"Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady" atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar. Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝAŞLARYŇ MASLAHATY
2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň ilkinji maslahaty geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň (COP26) we Ýaşlaryň maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilelikde gurnadylar Maslahata T...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...
ŞANLY SENE MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARALARY
Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti gurnaldy. Soňra paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, dronlaryň görkezme çykyşy, baýramçylyk feýerwerkleriniň atylmagy bilen tamamlandy.
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...