SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demok...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN GARAÝYŞLARY
Giriş Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bit...
AŞGABATDA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA MEDAL GAZANAN TÜRKMENISTANYŇ ÝEŇIJISINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň je...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞINIŇ ÖSÜŞI «FITCH RATINGS» REÝTING AGENTLIGINIŇ BAHALARYNDA ŞÖHLELENDIRILDI
�Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär. Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder.
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝ BOÝUNÇA BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiri...