img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşygy hakynda

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň Parlamentara Bileleşiginiň (PAB) Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 16-njy sammitini kabul ediji tarap hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Bileleşigiň ýolbaşçylygyna iberen hatlaryny resmi ýagdaýda gowşurdy. Bu forumyň geçi...

DOWAMY
pic
20 Few

Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarowyň we Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Türkmenistanda Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. 2026-njy ýylyň «...

DOWAMY
pic
7 Few

Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäre

2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Öz çykyşynda Ilçi Ş.Geldynazarow 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýy...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Foruma söwda, ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet işgärleri we işewür wekilleri ýygnandylar. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň B5+1 formatynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma b...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
4 Few

Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň b...

DOWAMY