SOŇKY HABARLAR
21-22-NJI MAÝDA «АWAZA» MILLI SYÝAHATÇYYK ZOLAGYNDA X HALKARA GAZ KONGRESI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň ...
«SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK» AÝYNYŇ ÇÄKLERINDE DIPLOMATIK KORPUSYNYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň çäklerinde, Türkmenistanyň DIM-i aprel aýynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe sport ýaryşlaryny gurnady. 6-7-nji aprelde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen ýaryşlarda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary...
SEULDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET IŞGÄRLERINIŇ MODA GÖRKEZILIŞI WE KONSERTI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Seulyň merkezi etrabynda ýerleşen Çonge meýdançasynda Türkmenistanyň moda görkezilişi we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi Çärelere Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans topary, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezilişi bu ýere gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň çäklerinde 28-nji...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...
TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...
TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...